Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasy taryhy Taksilada geçirilýän her ýylky “Orange Festival”-yň guramaçylarynyň biri boldy
Taksila, 7-nji fewral. Penjab welaýatynyň taryhy şäheri Taksilada ýerleşýän meşhur “Zaildar House” toplumynda her ýyl geçirilýän Orange Festival dabarasy guraldy. Çäre diplomatik korpusyň wekillerini, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny we raýat jemgyýetiniň agzalaryny bir ýere jemledi.
Çäre Yslamabat Ýokary kazyýetiniň Adwokatlar Assosiasiýasynyň Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Zaildar Ahsan Şah tarapyndan, Diplomatik korpusyň Duýeniniň Ofisi hökmünde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasy, şeýle hem Harby attaşeler korpusynyň Duýeniniň Ofisi (COSA) bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Festiwalyň hormatly myhmany - Penjab welaýatynyň gubernatory Sardar Salim Haider Han, şeýle hem çäräni guraýjylar çykyş edip, medeni diplomatiýanyň halklaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmekde, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ähmiýetine ünsi çekdiler. Türkmenistanyň Ilçisi çykyşynda Taksilanyň gadymy Gandhara siwilizasiýasynyň esasy merkezleriniň biri hökmünde taryhy ähmiýetini belläp, bu ýerde dürli dinleriň we medeniýetleriň parahatçylykly ýagdaýda bile ýaşandyklaryny nygtady. Şeýle hem ol müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelen medeni mirasy we parahatçylykly dialog däplerini gorap saklamagyň möhümdigini aýratyn belläp geçdi.
Myhmansöýerligi bilen tanalýan “Zaildar House”-da geçirilen medeni maksatnama daşary ýurtly diplomatlara we olaryň maşgalalaryna ýerli däpler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Maksatnamanyň çäginde milli aşhananyň tagamlary hödürlenip, gara daşdan oýma sungaty, däp bolan at tanslarynyň elementlerini öz içine alýan görkezme çykyşlary, şeýle hem sebit üçin mahsus bolan daş götermek boýunça ýaryşlar guraldy.
Festiwalyň dowamynda sebitiň nyşany hasaplanýan “Hanpur” görnüşli pyrtykallara aýratyn üns berildi. Bu önümler myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.