img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Päkistanyň hökümet ýolbaşçylaryna Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny iberdi

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardara hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şehbaz Şarife mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany öz gutlag hatlarynda belent ruhy gymmatlyklaryň - ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň, haýyr-sahawatlylygyň we ahlak tämizligiň dabaralanmasy bolan bu nurana baýramyň külli musulman ymmatynda özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň, raýdaşlygyň hem-de parahatçylygyň pugtalanmagyna ýardam etjekdigine bek ynanýandygyny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Päkistanyň hökümet ýolbaşçylaryna berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we Päkistanyň halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.