img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Päkistanyň Senatynyň we Milli Assambleýasynyň Başlyklaryna Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny iberdi

photo

Türkmenistanyň Mejlsiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Päkistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilana we Milli Assembleýasynyň Başlygy Sardar Aýaz Sadyga Halkara Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Mejlisiň Başlygy öz gutlag hatlarynda täzeçilligiň we gözelligiň aýdyň nyşany bolan bu baýramyň adamlaryň ýüregine şatlyk eçilýändigini, özara düşünişmek we bitewilik ýörelgeleriniň dabarasyny belende göterýändigini belläp, döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine berk ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Dünýägözel Gulmanowa Päkistanyň Senatynyň we Milli Assambleýalarynyň Başlyklaryna berk jan saglygyny, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.