img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda geçirilen tegelek stolda adam kapitalyny ösdürmek üns merkezinde boldy

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Yslamabat şäherinde Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynda (NAVTTC) tegelek stol geçirildi. Bu çärä Päkistanyň premýer-ministriniň Ýaşlar maksatnamasynyň başlygy Rana Maşud Ahmed Han, Päkistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda päkistan tarapy Komissiýanyň alyp barýan işleri we gazanan üstünlikleri, şeýle-de Päkistanyň Tehniki we hünär bilimi we taýýarlygy (TVET) ulgamyny goldamak maksatnamasynyň we Nazar-2025 meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeler barada maglumat berdi.

Gatnaşyjylar okuw, sertifikatlaşdyrmak we işçi güýjüň hereketi ýaly ugurlarda Komissiýa bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki başarnyklary ösdürmek maksatnamalaryny, talyp haklaryny we hünär kämilleşdiriş merkezlerini döretmekde hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow çykyş edip, Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň tehniki we hünär bilimi ulgamyndaky syýasaty barada gürrüň berdi. Bu syýasat agzalan ulgamy zähmet bazarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda özgertmäge gönükdirilendir we ol senagat hyzmatdaşlygyny, gender deňligini hem-de başarnyklary ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga uly itergi berýär.

Şeýle hem A. Möwlamow, hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge ygrarlydygyny belledi. Bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hem sebitimizde durmuşa geçirilýän giň gerimli başlangyçlary goldamak üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamakdyr. Şunuň bilen baglylykda, ol Päkistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen strategik TOPH gaz geçiriji we TOP elektrik geçiriji taslamalaryny amala aşyrmak we dolandyrmak üçin hünär taýdan taýýarlykly hünärmenleri çekmegiň zerurdygyny aýtdy.

Tegelek stoluň ahyrynda gatnaşyjylar dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler we degişli edaralaryň hem-de bilim edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.