img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda HabibMetro bankyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Päkistanda ilkinji täjirçilik banklarynyň biri we 1947-nji ýyldan bäri öňdebaryjy maliýe edarasy bolan HabibMetro bankynyň Daşary ýurt wekilhanalary bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Fatima Zehranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe we bank ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Göni korrespondent gatnaşyklaryny ýola goýmaga, maliýe mehanizmlerini kämilleşdirmäge hem-de bilelikdäki taslamalary goldamaga aýratyn üns berildi.

Taraplar iki ýurduň maliýe edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge bolan isleglerini mälim etdiler. Bu ýagdaýyň işewürlik üçin has amatly şertleri döretmäge we maýa goýumlary artdyrmaga ýardam etjekdigi bellendi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmek we hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny öňe sürmek barada ylalaşdylar.