Medeniýet halklary birleşdirýär: Yslamabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günleri bellenildi
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Yslamabat şäherindäki Lok Wirsa halk mirasy muzeýinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk günlerine bagyşlanan köp dilli we köpmilletli konsert geçirildi. Çäre Ýewraziýa Halklarynyň Dostluk Forumy tarapyndan sebit ýurtlarynyň Ilçihanalary bilen hyzmatdaşlykda we Päkistanyň Milli halk we däp mirasy institutynyň (Lok Virsa) goldawy bilen guraldy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çärä gatnaşyjylary milli baýramçylyklar bilen gutlap, halklaryň arasynda dostlugy, özara hormaty we düşünişmegi ösdürmekde medeni dialogyň möhüm ornuny nygtadylar.
Çäräniň esasy wakalarynyň biri baý mazmunly konsert maksatnamasy boldy. Päkistanly sungat işgärleri degişli ýurtlaryň milli lybaslaryny geýip, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän tanslary we saz eserlerini, şol sanda türkmen halkynyň däp bolan milli “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler. Çykyşlar sebitiň halklarynyň milli medeniýetleriniň özboluşlylygyny we baýlygyny, şeýle hem däp-dessurlarynyň hem-de medeni mirasynyň köpdürlüligini açyp görkezdi.
Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň, Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Lok Wirsanyň wekilleri, Päkistanyň döwlet we medeni edaralarynyň işgärleri, şeýle hem jemgyýetçilik we bilermenler toparlarynyň agzalary gatnaşdylar.
Çäre Ýewraziýanyň medeni köpdürlüliginiň özboluşly baýramçylygyna öwrülip, Türkmenistan bilen Päkistanyň, şeýle hem sebit ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary, dostlugy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança boldy.