img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda türkmen-saud hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Päkistandaky Ilçisi Raje Tami Albugaminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini we yzygiderli ösüşini nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar özara düşünişmek esasynda netijeli dialogy dowam etdirmegiň, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmekde tagallalary utgaşdyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.