img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Gazagystanyň Päkistandaky täze bellenen Ilçisi Ýerkin Tukumowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi A.Möwlamow Gazak kärdeşini Päkistandaky Diplomatik Korpusyň we Päkistanyň hökümet edaralarynyň arasyndaky oňyn aragatnaşyklar we netijeli iş hyzmatdaşlyklary barada gürrüň berdi.

Soňra, taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara ünsi çekip, bu gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýratyn nygtadylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip, söwda-ykdysady, ulag, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga we sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.