img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň çäklerinde, Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Ismail uld Şeýh Ahmed bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ismail uld Şeýh Ahmedy YHG-nyň Baş sekretary wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerine garadylar.

Halkara parahatçylygy, ynanyşmagy we öňüni alyş diplomatiýasyny pugtalandyrmak babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşi tarapyndan her ýyl kabul edilýän «Halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda durnukly ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, medeniýet we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada hem pikir alşyldy. Şunda amaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we görkezilen ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar hyzmatdaşlygyň halkara-hukuk esaslaryny pugtalandyrmak bilen bagly meselelere garadylar. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bellenildi.

YHG-nyň Baş sekretary halkara dialogyny ösdürmekde we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.