BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ BILERMENLERI BILEN WIDEO-MASLAHAT

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde saklamak boýunça BSGG-niň teklipleriniň sanly wideo aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş iş maslahaty geçirildi.

Onlaýn-duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň  tekliplerine laýyklykda täze görnüşli koronawirus pandemiýasy döwründe howanyň gyzmagyna taýýarlyk görmek boýunça jikme-jik tehniki maglumatlat barada bellenilip geçildi.

Şol sanda, gatnaşyjylara, öňüni alyş çäreleri öz wagtynda geçirmäge ýardam edýän, BSGG-niň pandemiýa döwründe we gyzgyn howada saglygy goramak boýunça maglumat beriji onlaýn-materiallary barada gürrüň berildi.