MALIÝE WE YKDYSADYÝET MINISTRLIGINDE ÝHHG-NIŇ MASLAHATLAŞMALARY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň özara baha bermäge milli derejede taýýarlygyň çäklerinde halkara maslahatçysy hanym Swetlana Poddubskaýanyň “Jenaýatçylykly ýol bilen girdeji almaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň milli ulgamynyň tehniki taýdan laýyklygy boýunça hasabatyň birinji taslamasy” boýunça maslahatlaşmalary öz işine başlady.

Maslahatlaşmalara Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Statistika boýunça döwlet komitetiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Merkezi bankyň we birnäçe täjirçilik banklarynyň, pul geçirme hyzmatlaryny amala aşyrýan poçta guramalarynyň wekilleri, şeýle-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatlaşmalaryň dowamynda kanunçylygyň FATF (Pul serişdeleriniň bikanun alynmagyna garşy göreşmek boýunça maliýe çäreleriniň işlenilip düzülmegi boýunça Halkara topary) standartlaryna tehniki taýdan laýyklygy, degişli töwekgelçiliklere düşünmek, edara görnüşli taraplaryň we guramalaryň aýdyňlygy, maliýe ulgamynda gözegçilik ýaly meseleler bilen birlikde FATF usulyýeti boýunça özara baha bermegiň prosessi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny, maksatlaýyn maliýe sanksiýalaryny, şeýle hem kesgitlenen maliýe dahylly däl kärhanalaryň we hünärleriň ulgamyndaky gözegçilik ýaly ugurlara hem seredilip geçildi.

Maslahatlaşmalardan daşary bilermenleriň teswirleri we hasabatyň taslamasy boýunça teklipleri diňlenildi.