KABULDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça taraplaryň nukdaýnazarlaryny beýan etdiler.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler, çünki bu öz nobatynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň netijeli ilerledilmegine itergi berýändir.

Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. 

Şol gün şeýle-de Howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan bilelikdäki toparynyň 6-njy mejlisi hem geçirildi.

Mejlisiň barşynda häzirki döwrüň howplaryna, hususan-da terrorçylyga, eksptermizme, kiber hüjümlerine we wehimleriň beýleki görnüşlerine garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy. Ýurtlaryň ikisiniň hem serhetýaka hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, maglumat howpsuzlygyny saklamaga taýýarlyklary beýan edildi. 

Duşuşygyň jemleri boýunça Howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan bilelikdäki toparynyň 6-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.