TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DEMIRGAZYK YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HALKARA FORUMYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gibrid görnüşinde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Ýewraziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça köptaraplaýyn meýdança hökmünde çykyş etmek bilen, bu Forum her ýyl tanymal döwlet adamlaryny, işewürlik-toparlarynyň wekillerini, dünýä belli bilermenleri, şeýle-de halkara we sebitleýin guramalarynyň agzalaryny özünde jemleýär. Şu ýyl Forum «Demirgazyk hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we gülläp ösüşiň geljegi» şygary bilen ýaýbaňlandyryldy.

Foruma gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Türkmenistanyň bu Forumy tutuş ýewraziýa yklymynda, şol sanda koreý tarapy bilen ikitaraplaýyn görnüşde ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de ösdürilmegi üçin derwaýys halkara meýdança hökmünde ileri tutýandygyny belläp geçdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetilmegi ugrundaky işjeň tagallalaryny goldaýandygyny nygtady. «Bu ugurda biz Ýewraziýa yklymynda durnukly ösüş maksatnamalaryny we strategiýalaryny emele getirmekde hem-de amala aşyrmakda köp meňzeşligi görýäris, munuň özi Koreýa Respublikasynyň Täze demirgazyk ykdysady syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine gönükdirilen» strategiki başlangyçlarynyň düýp mazmunyndan ybaratdyr», diýip Milletimiziň Lideri belledi.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek hem-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagalallarynyň syýasatlaşdyrylmazlygy nobatdaky forumyň derwaýys temalarynyň hatarynda boldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň, BSGG-nyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdi. «Umuman biz, ylmy köp talap edýän pudaklarda taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris», diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Nobatdaky Forumyň çäklerinde şeýle-de energetika, ulag, ekologiýa we sanlylaşdyrmak ulgamynda köpugurly gatnaşyklaryň has-da ilerledilmegi boýunça derwaýys meselelere hem seredilip geçildi.