TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 4-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiň başlygy B.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 30-njy mejlisine gatnaşdy. Bu çärä ÝHHG-niň sebitiniň howpsuzlyk, hyzmatdaşlyk we demokratiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin parlament agzalary we ÝHHG agza döwletleriň wekilleri gatnaşdylar....
AŞGABATDA TÜRKMEN-BRITAN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlaryň giň gerimini içine alýan ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. R.Meredow türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň netijeli ös...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-Ä AGZA DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň mejlise hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň...
TUNISIŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Tunis Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Tarek Ben Salemden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriniň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň alyp barjak diplomatik işiniň türkmen-tunis gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatda...
TÜRKMENISTAN BILEN UNIDO-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerindäki çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Siyong Zou bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen UNIDO-nyň özara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler hem-de gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek we berkitm...
ŞENSI WELAÝATYNYŇ HALK HÖKÜMETINIŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerindäki çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatory Çžao Gan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ileri tutulýan ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek babatynda pikir al...
PRESS RELEASE OF THE INTERNATIONAL MEDIA FORUM IN THE CITY ARKADAG
On June 30, 2023, an international media forum was held in the city of Arkadag, organized by the Ministry of Foreign Affairs together with the State Committee of Turkmenistan for Television, Broadcasting and Cinematography. The forum gathered more than 100 participants, including heads of academic circles and chief editors of the country's news agencies, representatives of relevant international organizations and associations, correspondents of national private news agencies, as well as forei...