RSS

SOŇKY HABARLAR

26 Mar

SAÝLAWLAR BOÝUNÇA SES BERMEK BAŞLANDY!

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 26-njy martda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary başlady. Päkistanda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ir bilen raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasynyň (Yslamabat ş.) ýanynda döredilen 1-nji saýlaw uçastogyna geldiler. Sagat 07.00-dan başlap, Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasynyň (Yslamabat ş.) ýa...

DOWAMY
25 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 24-nji martynda  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. 26-njy martda geçiriljek milli parlamentiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadygyny Türkmenistanyň Prezidenti belled...

DOWAMY
24 Mar

MEETING AT THE MFA OF TURKMENISTAN WITH THE SECRETARY GENERAL OF THE CIS

On March 24, 2023, the Minister of Foreign Affairs Rashid Meredov held talks with the Secretary General of the Commonwealth of Independent States Sergey Lebedev, who arrived in the Turkmen capital at the head of the CIS Observer Mission to participate in the assessment of the elections of deputies of the Mejlis of Turkmenistan and members of local representative authorities, which will be held on March 26, 2023. In frames of the discussion of the organizational aspects of election preparation...

DOWAMY
24 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Arkadagymyz GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. GDA-nyň Baş sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar...

DOWAMY
23 Mar

ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen, Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Eduardo Antonio Zuaýnyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyşyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge ta...

DOWAMY
23 Mar

TÜRKMENISTAN UKRAINA YNSANPERWER KÖMEGI IBERDI

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýüki iberildi. Ukraina iberilen ynsanperwer ýüki derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybarat.

DOWAMY
23 Mar

YSRAÝYLYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda ynanç hatlarynynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki işiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma b...

DOWAMY