RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Şu gün, 14-nji dekabrda Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürdmek barada pikir alyşdylar. Esasan hem söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa...

DOWAMY
14 Dek

«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikleriň öň ýanynda, ýagny 2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda geçirilen duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  Bellenilişi ýaly, birinji sammit...

DOWAMY
14 Dek

TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ULAG ULGAMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY “AWAZADA” DUŞUŞDYLAR

2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzir...

DOWAMY
14 Dek

«AWAZADA» TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ ENERGETIKA ULGAMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY DUŞUŞDYLAR

2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda günüň birinji ýarymynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iri energetika döwleti bolmak bilen, özara bähbitlere giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. ...

DOWAMY
13 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DIWANYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle hem ol özbek Lideriniň ýakynda Türkmenistana...

DOWAMY
12 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “WOZROŽDENIÝE” TASLAMA-GURLUŞYK KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bi...

DOWAMY
12 Dek

СOOPERATION WITH THE ORGANIZATION OF TURKIC STATES WAS DISCUSSED AT THE MINISTRY OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN

On December 11, 2022, the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov met with the Secretary General of the Organization of Turkic States Kubanychbek Omuraliev, who arrived in Ashgabat to participate in the events of the Ashgabat International Week dedicated to the International Day of Neutrality and the 27th anniversary of the Neutrality of Turkmenistan. At the beginning of the meeting, R. Meredov congratulated K.Omuraliev on his appointment as Secretary General of the Organiz...

DOWAMY