SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ANWAR GARGAŞ ADYNDAKY DIPLOMATIK AKADEMIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE MAKSAT EDINÝÄR
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň (BAE) baş direktory Nikolaý Mladenow bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda R.Meredow bu saparyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasyndaky bilim pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ministr Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-HABITAT BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNA SEREDILDI
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-HABITAT) wekilleri Katýa Şefer we Herman Piýenaar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-HABITAT-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem mundan beýläk dowam etdiriljek hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen...
TÜRKMEN-WÝETNAM DIM-ARA GEŇEŞMELERI BARADA
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli gurluş bölümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinj...
Päkistan Yslam Respublikasynyň wagtlaýyn Söwda we senagat-önümçilik ministri Dr.Gohar Ejaz bilen geçirilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Mowlamow Pakistanyň geçiş hökümetiniň Söwda, senagat we önümçilik boýunça federal ministri Gohar Ejaz bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ilçi ministri täze wezipesinde işe başlamagy bilen gutlady we işinde uly üstünlikler arzuw etdi. Ol, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilip, türkmen halkynyň abadançylygynyň derejesini we durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän giňişleýin...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy. Taraplar “Ýe...
TÜRKMENISTANDA TÄZE ZELANDIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Sara Meri Uolş hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyn...
Yslamabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebi agşam geçirildi
2023-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Päkistanda ýaşaýan türkmenleriň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap edebi agşam geçirdi. Çäre, türkmen halkynyň Milli Lidery, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGYLY PYRAGY” atly täze goşgusynyň tanyşdyralmagy bilen başlandy. Çärä gatnaşyjylar, Magtymgul...