TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary bolar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.
TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI FRANSIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Pariž şäheriniň Ýeliseý köşgünde Ilçi M.Çaryýewiň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň...
BELGIÝANYŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINDEN YNANÇ HATLARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Brýussel şäherinde Ilçi S.Pälwanowyň Belgiýanyň Patyşasy Filippe Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu çäräniň dowamynda Ilçi Belgiýanyň Patyşasy Filippe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Belgiýanyň Patyşasy Fil...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BOLDY
2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Astanada gazagystanly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy m...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ "MERKEZI AZIÝA - RUSSIÝA" SAMMITINDÄKI ÖŇE SÜREN TEKLIPLERI WE BAŞLANGYÇLARY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Russiýa” Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda Merkezi Aziýa döwletreleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dürli möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi. Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ysnyşykly köpugurly hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Şu Sammitiň gün tertibi GDA-nyň giňişliginde ýakynlaşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi onuň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegini üpjün eder. Sammitiň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi we taraplaryň ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary nygtaldy. Taraplar şeýle hem ulag-logi...