TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY TÜRKMENISTANYŇ WE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri bilen Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk t...
«ТÜRKMENNEBIT» DK-NIŇ WE «ТATNEFT» JPJ-NIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI
8-nji aprelde «Türkmennebit» Döwlet konserniniň edara binasynda «Таtneft» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen wideomaslahat geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisi Ý.Kakaýew ýolbaşçylyk etdi we «Таtneft» JPJ-ne Jemgyýetiň baş direktory N.Maganow wekilçilik etdi. Şeýle-de gepleşiklere Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda «Türkmennebit» DK-niň we «Таtneft» JPJ-niň wekilleri hem gatnaşdylar. Onlaýn-gepleşikl...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar. Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wa...
“TÜRKMENHOWAÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ WE KAZANYŇ DIKUÇAR ZAWODYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLER
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan dikuçar zawodynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow, tatar tarapyna bolsa Kazanyň dikuçar zawodynyň dolandyryjy direktory Ýu.Pustowgarow ýolbaşçylyk etdi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyk...
«ТÜRKMENAWTOULAGLARY» AGENTLIGINIŇ WE «KAMAZ» JPJ-NIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aşgabatda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň we «KAMAZ» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Wideomaslahata Türkmenistanyň dürli pudak edaralarynyň, şol sanda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri we «KAMAZ» JPJ-niň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýy...
TÜRKMENISTANYŇ WE TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ HÖKÜMET WEKILLERINIŇ ARASYNDA TÜRKMENBAŞY HALKARA DEŇIZ PORTUNDA SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň edara binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşige türkmen tarapyndan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-niň ýolbaşçylary hem-de wekilleri we tatar tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow, “Ak bars” Gämi gurluşy...
TÜRKMENISTANYŇ HIMIÝA PUDAGYNY ÖSDÜRMEK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMEN-TATAR GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Toplumlaýyn ykdysady ösüş Holdingi dolandyryjy kompaniýasy” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň dowamynda himiýa senagaty pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ý...