RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplaryň ikisi hem ÝUNKTAD-yň 2020-nji ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler. Myhman öz gezeginde Türkmenistanyň Söwda we ösüş ulgamyndaky wezipeleri durmuşa geçirmekdäki meýilnama laýyk çemeleşmelerini aýratyn belledi. Şe...

DOWAMY
pic
13 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE TAPGYRLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň Başlygy jenap Swetan Swetkowski bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli hem-de...

DOWAMY
pic
13 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ SEBIT ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GURALDY

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatalara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysyna, “Türkmenistan we halkara guramalary: par...

DOWAMY
pic
11 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OMAN SOLTANYNYŇ ARADAN ÇYKMAGY ZERARLY GYNANÇ BILDIRDI

2020-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Omanyň Soltany Kabus bin Saýidiniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

DOWAMY
pic
10 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY IBERDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäheriniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu betbagtçylygyň netijesinde Eýranyň köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

DOWAMY
pic
9 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE YSRAÝYLYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ysraýylyň Ilçisine bu wezipede zähmet çeken döwründe alyp baran önjeýli işi hem-de türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini...

DOWAMY
pic
9 Ýan

EÝRANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi. Öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, Ilçi Golam Abbas Arbab Hales ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen türkmen tarapynyň gutlagyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegine ynam bildird...

DOWAMY