TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Energetika ministri bilen duşuşyk geçirdi
2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi Atajan Mowlamow Päkistanyň Energetika ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Muhammed Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki tarap TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdy we bu taslama boýunça işleriň gidişinden kanagatlanma bildirdi. Şeýle hem, ministr Päkistanda gaz ýetmezçiligini ýeňip geçmek üçin taslamanyň ähmiýetine ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi Päkistanyň ministrini Fransi...
Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...
Türkmenistanyň DIM-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Şu gün, 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda, şu ýylyň martynda meýilleşdirilýän ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň Türkmenistana saparynyň guramaçylyk işleri, şeýle hem bu saparyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...
Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi boýunça metbugat beýannamasy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň gün-tertibine «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýet...
HHR-iň DIM-niň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýong bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we onuň özara düşünişmek hem-de birek-biregi goldamak häsiýete eýedigi barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde ik...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Halkara zähmet guramasynyň sebit direktory bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygyny bellediler. Şunda, taraplaryň arasynda saparyň netijeleri, şu ýylyň 21-nji fewralynda geçirilen ýokary derejeli tege...
Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Ýaponiýada türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda...