TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA KORONAWIRUSA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI GÜÝÇLENDIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen iş mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow keselleriň öňüniň alynmagy hem-de ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi boýunça ähmiýetli görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ ADAM ÖSÜŞI BOÝUNÇA BÜTINDÜNÝÄ HASABATY BILEN TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hasabatyň esasy netijeleri, soňky 10 ýylda ýurdumyzyň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “ÝAŞYL MERKEZI AZIÝA” ATLY ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde geçirilen “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň işine şeýle hem Germaniýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we sebitde howpsuzlygy saklamak, şol sanda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, biodürliligi gorap saklamak, çölleşmege garşy göreşmek,...
ÝB WE MERKEZI AZIÝA: ÝAŞYL GELJEK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI IŞLER ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI
Žozep Borrell Fonteles, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili / Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti (HR / VP) 2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Ýewropa Bileleşiginden dostlar Berlinde Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahata gatnaşarlar. Men iki sebäp boýunça bu maslahata çakylygy uly höwes bilen kabul etdim: Birinjiden, howanyň üýtgemeginiň meselesiniň çözülmeginiň neneňsi...
HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YGTYÝARLY WEKILLERINIŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 27–nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň altynjy mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkme...
AŞGABATDA TÜRKMEN-GERMAN IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-German iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, german tarapyna bolsa – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysady işler we energetika ministrliginiň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp m...
WENGRIÝADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-WENGER TOPARYNYŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, aýratyn hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, köpugurly ykdysady we medeni-ynsanperwer özarahereketleri giňeltme...