TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmat...
IKI DÖWLETIŇ PREZIDENTLERI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ WE MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERI GELJEKKI HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.N.Dodonyň baştutanlygynda bu ýurduň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Mejlisiň çäklerinde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň liderleri söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bile...
TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag gatna...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-täjik gatnaşyklaryna degişli bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm itergi berýän ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetliligi bel...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.W.Beskostyý bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, taraplar abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, ÝHHG-niň we GDA-nyň çäkler...
PAKISTANYŇ GOŞUNYNYŇ BIRLEŞEN KARARGÄHLERINIŇ KOMITETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Pakistanyň goşunynyň Birleşen karargähleriniň komitetiniň başlygy, general Zubair Mahmud Haýatyň ýolbaşçylygyndaky Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Tarapla...