RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bäşinji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wek...

DOWAMY
pic
2 Few

KABULDA TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky DIM-niň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna sapary boldy. 1-nji fewralda türkmen wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň g...

DOWAMY
pic
31 Ýan

Päkistanyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde tegelek stol geçirildi

Pakistanyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde tegelek stol geçirildi 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Yslamabadyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde (CGSS) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirdi. Tegelek stola CGSS merkeziniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”...

DOWAMY
pic
31 Ýan

HINDISTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Soňra taraplar ulag, energetika we ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Merkezi we Günorta Aziýany bir...

DOWAMY
pic
31 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ ENERGETIKA PUDAGYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINE GÖNÜKDIRILEN BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKDI

2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky kuwwatynyň has hem artdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserni “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin z...

DOWAMY
pic
30 Ýan

Yslamabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi

2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda 2020-nji  “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda, Yslamabat şäheriniň Marriott myhmanhasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Brifinge gatnaşyjylara 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy my...

DOWAMY
pic
30 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG WE HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA DUŞUŞYK ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligin...

DOWAMY