TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TOKIODA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ WEKILLER PALATASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda, günüň birinji ýarymynda Tokio şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima bilen duşuşdy. Jenap Oşima ýokary derejeli myhmany mähirli garşylamak bilen, Türkmenistanyň baştutany bilen duşuşmak onuň üçin uly hormat bolandygyny belledi. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejeliligi hem-de ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI RAÝATSYZLYK BOÝUNÇA SEMINARDA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi tarapyndan guralan raýatsyzlyk babatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça okuw maslahatynda Türkmenistanyň wekiliýeti beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, 2019-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekmegi netijesinde 2...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON IŞEWÜRLERI BILEN ERTIRLIK NAHARYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda irden Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyk «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda iş ertirlik nahary görnüşinde geçirildi. Duşuşyga «ITOCHU», «Sojitz», «Mitsubishi», «Kawasaki Heavy Industries» we beýleki birnäçe meşhur korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem hökümet agzalarynyň, aýratyn alnan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Senagatçylar we telekeçil...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TBILISI ÝÜPEK ÝOLY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde üçünji Ýüpek Ýoly Forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna 60-a golaý ýurtdan 2 000-den gowrak adam, ýagny syýasy ýolbaşçylar, bilermenler we halkara guramalaryň wekilleri, işewürler gatnaşdy. Forumda söwda, ulag we energetika, hususy telekeçilik we Gruziýanyň maýa...
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Tokioda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, taraplaryň köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan tagallalaryny berkiden ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda: “Ýer gazyjy tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasyndak...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HIROSAKI UNIWERSITETINIŇ HORMATLY DOKTORY BOLDY
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Hirosaki Un...
ER-RIÝADDA TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ ARASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleriniň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň hünärmenleriniň arasynda tegelek stol geçirildi. Tegelek stola Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş institutynyň Baş direktory we akademiki düzümi, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy wekillerinden d...