RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Okt

DUŞENBEDE TÜRKMENISTANYŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrleri, Duşenbe şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şol günüň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň Milli kitaphanasynda...

DOWAMY
pic
15 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — ulag-aragatnaşyk ulgam...

DOWAMY
pic
14 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ 139-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 14–15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu günler Ženewa şäherinde geçýän Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy. 14-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň çäginde Zenan deputatlaryň forumynyň 28-nji mejlisinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny goramak hem-de giňeltmek boýunça kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigi, şeýle-d...

DOWAMY
pic
12 Okt

TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ GÜMRUK GURAMASY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussele bolan iş saparynyň çäginde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş Sekretary j-p Kuniýo Mukuriýa bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tarapy serhetde gümrük gözegçiligini kämilleşdirmekde BGG-ň tejribesini öwrenmek we özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma...

DOWAMY
pic
12 Okt

BRÝUSSELDA TÜRKMEN-BELGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler, daşary ykdysadyýet we hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça federal döwlet gullugynyň ministri  j-p Didýe Reýnders bilen duşuşygy boldy. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara bähbitli iki...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTAN WE ÝB HALKARA MESELELERINI WE ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýusselde iş saparynda boldy. 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Energetika bileleşigi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Orunbasary j-p Maroş Şewçowiç bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen energetika ulgamynda özaragatnaşygyny işjeňleş...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKILDI

2018-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi. Iki goňşy ýurduň pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň duşuşygynyň barşynda Günorta Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga we degişlilikde olaryň ykdy...

DOWAMY