TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY GELJEKGI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary üçin Sebitleýin edarasynyň direktorynyň orunbasary Rastislaw Wrbenski bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2018-nji ýylyň 20-21-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk»...
BRÝUSSELDE «ÝB - TÜRKMENISTAN» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji iýunynda Brýusselde «Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky onunjy mejlisi geçirildi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan wekiliýete Ýewropanyň Daşary işler gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy B.Ýaroşewiç baştutanlyk etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçy, şeýle hem A...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SUW MESELELERI BOÝUNÇA SEBIT DÜZÜMINIŇ DÖREDILMEGINIŇ BAŞYNY BAŞLAÝAR
2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Bir ýarym sagatlyk uçuşdan soňra Prezidentimiziň uçary Täjigistanyň paýtagtynyň iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Prezident Gurbanguly Be...
BRÝUSSELDE TÜRKMEN-BELGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Belgiýa patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Belgiýa tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aksel Kenes ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekd...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdiler. Türkmen we pakistan halklaryny birleşdirýän dostlugyň mizemezligi, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň ýakynlygy şol g...
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw ” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmak hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümki...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANADA GDA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ XIII FORUMYNA GATNAŞÝAR
2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda Astanada Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumy işläp başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. “GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklar — XXI asyrda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi” her ýyl geçirilýän duşuşygyň esasy meselesi boldy. GDA döwletleriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guralan çäre görnükli medeniýe...