TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI BOÝUNÇA MAHABAT ÇÄRELERI DAŞARY ÝURTLARDA IŞJEŇ ÝAÝBAŇLANDYRYLÝAR
?Amul-Hazar 2018», şeýle hem «Turkmen Desert Race-2018» diýlip tanalýan halkara awtorallisini mahabatlandyrmak we giňden tanyşdyrmak boýunça işjeň dowam etdirilýär. Geçen hepdede bu sport çäresi bilen tanyşdyryş işleri Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky, Ýaponiýadaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky, Awstriýadaky we Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanalarynda geçirildi. Tanyşdyryş çäreleri halkara awtorallisi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny giňden öz içine aldy. ...
TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA HALK-DEMOKRATIK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda Phenýan şäherinde ýerleşýän Mansude Kongresler köşgünde Türkmenistanyň Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ç.Rustamowa bu ýurduň Ýokary Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň başlygy Kim Ýon Nama ynanç hatlaryny gowşurdy.
PHENÝANDA TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA HALK DEMOKRATIK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-26-njy iýuly aralygynda Phenýanda Türkmenistanyň we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Demirgazyk Koreýa tarapyndan KHDR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sin Hong Çol ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen KHDR-nyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda we halkara gur...
WENGRIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent ş.) Peter Santo bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky ynamly we özara bähbitli gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar yzygiderli esasda geçirilýän işjeň we köpderejeli syýasy gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler. Şunlukda ýokary derejelerdäki saparlary...
OWGANYSTANDA RABATKAŞAN-KALAÝNAU UGRY BOÝUNÇA ELEKTRIK GEÇIRIJISINIŇ WE ELEKTRIK BEKEDINIŇ DABARALY AÇYLYŞY BOLDY
2018-nji ýylyň iýul aýynyň 26-da Owganystan Yslam Respublikasynyň Bathyz welaýatynyň Kalaýnau şäherinde Rabatkaşan-Kalaýnau ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we 110/20 kw elektrik bekediniň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani we Türkmenistanyň Energetika ministri Ç.Pürçekowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdylar. Çäräniň başynda türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň Prezidenti bilen gysga wagtlyk duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar i...
ASTRAHANDA “AMUL – HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan şäheri) 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu dabara Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly A.Baýramow, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary G.Agamyradow, Astrahan oblastynyň Sport ministri M.Fidurow, Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Astrahandaky wekili O.Kolomin, Gazag...
PRIORITIES OF TURKMENISTAN AT THE 73RD SESSION OF THE UNITED NATIONS GENERAL ASSEMBLY
The 73rd session of the General Assembly is the most important event in the multifaceted activities of the United Nations. It is called upon to become an important milestone in the сonsistent сonsolidation of international efforts to address key issues on the global agenda, affirming the leading role of the United Nations in maintaining and strengthening global peaсe, stability and seсurity and fully realizing the deсlared sustainable development Agenda until 2030, in promoting the сontinued imp...