TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlap «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Irden institutyň baş binasynyň foýesinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işiniň taryhyna bagyşlanan sergi açylyp, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we...
ABU-DABIDE ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-EMIRLIKLER GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji martynda Abu-Dabide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezident köşgüne tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni köşk meýdançasyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Awtoulagyň ý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar. Türkmenistanyň Prezidentini...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞI MERKEZI AZIÝADA ADAM HUKUKLARYNY GORAMAK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI
2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (BMG AHG) Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70-ýyllygynyň çarçuwasynda Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi. Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny goramaklyga we bu ugurd...
AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministri j-p Mohammad Şariatmadariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Syýasy hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini bellediler. Dürli derejeler...
DAŞKENT ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annameredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda taraplar Tü...
AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÖNÜMLERINIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN SERGISI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisi açyldy. Şu gezekki foruma gatnaşmak üçin Aşgabada EYR-nyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadariniň baştutanlygynda ýolbaşçylardan we 60-dan gowrak kompaniýalaryň wekillerinden ybarat wekilçilikli topar geldi. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary...