img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä gün tertibiniň wajyp sorag...

DOWAMY
pic
21 Iýul

ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI

2018-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Rumyniýanyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda döredilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Prezidentleriniň ýokary derejedäki, şeýle hem daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarynda g...

DOWAMY
pic
20 Iýul

PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLADY

2018-nji 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Murad Aşraf Janjua bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde hem işjeňleş...

DOWAMY
pic
20 Iýul

BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA GEÇÝÄN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELERE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY DOWAM EDÝÄR

2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka dowam edýän saparynyň çäklerinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy geçirildi. A.Guterriş Türkmenistanyň BMG bilen dürli ugurlar boýunça ysnyşykly we işjeň hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň howpsuzlyk meselelerinde, bosgunlar, migrasiýa, Öňüni alyş diplomatiýa boýunça Merkezi Aziýa üçin sebi...

DOWAMY
pic
20 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan adyndaky gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça Baş direktory Muhammed Haaji Al-Huriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine kanagatlanma bilen baha berdiler we geljekde hem özara hereketleriň işjeňleşdirilmegini belläp...

DOWAMY
pic
19 Iýul

PEKINDE “ÝÜPEK ÝOLY” ATLY TÜRKMENISTANYŇ ILKINJI WIZA HYZMAT EDIŞ MERKEZI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Pekinde “Ýüpek ýoly” atly Türkmenistanyň ilkinji wiza hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkezi döretmek hakyndaky başlangyjy öňe sürüjiler bolup Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy we Hytaýyň “Beijing Sungxiong Foreign Service сompany” atly öňdebaryjy konsalting kompaniýasy çykyş etdiler. Merkeziň açylyş dabarasyna Hytaýyň döwlet we iri hususy syýahatçylyk düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Pekinde ýerleşýän d...

DOWAMY
pic
19 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI ÇARELERE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň umumy maslahatlaşmasynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda DÖM-niň netijeli integrasiýasyny we ýerli aýratynlyklary we maksatlary nazara almak bilen Türkmenistanyň ösüşiniň milli strategiýasyna bagly maksatlaryny belledi. Şeýle hem ol BMG-niň ÖM, ÝB we BMG-niň ýanyndaky Slowakiýanyň Hemişelik Wekil...

DOWAMY