RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Iýun

TBILISI ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň çäginde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Tbiliside iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistan we Gruziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudaklarynda bar bolan iri söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp...

DOWAMY
6 Iýun

TBILISIDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew, gruzin tarapyna Gruziýanyň wise-premýeri, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň ýolbaşçylary ýygnagy açyp, hökümetar...

DOWAMY
6 Iýun

AHHG-NYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATY BARADA

2023-nji ýylyň 5-7-nji iýuny aralygynda Duşenbe şäherinde AHHG-nyň 30 ýyllygy mynasybetli "Merkezi Aziýa: güýçli sebit instituty arkaly durnukly geljege tarap" atly halkara maslahaty geçirilýär. Bu sebitleýin gurluşynyň şanly senesine bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Maslahata, şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, abraýly halkara we sebit gura...

DOWAMY
6 Iýun

WISE-PREMÝER M.MÄMMEDOWANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ITALIÝA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR

Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Rimde iş saparynda bolýar. Saparyň çäginde 5-nji iýunda Italiýanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda Wise-premýer M.Mämmedowa Italiýa Respublikasynyň Medeniýet ministri Jennaro SanJuliano bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmen...

DOWAMY
6 Iýun

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede alnyp barylýandygy bellenip geçildi we iki ýurduň arasyndaky köpmaksatlaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi. Toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew we toparyň gruzin bölegin...

DOWAMY
5 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AHHG-NYŇ MÜDIRIÝETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.O.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýeti Täjigistana sapar bilen geldi. Nobatdaky mejlise şonuň ýaly-da, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetleri,  AHHG-...

DOWAMY
5 Iýun

KÖP SANLY GÖRKEZIJILER BOÝUNÇA KLASTER BARLAGYNYŇ 7-NJI TAPGYRYNA TAÝÝARLYK IŞLERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde köp sanly görkezijiler boýunça Klaster barlagynyň ýedinji tapgyryna (MICS-7) taýýarlyk işleri boýunça mejlis geçirildi, oňa Türkmenistan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ÝUNISEF we UNFPA düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň Klaster barlagynyň öňki tapgyrlaryna netijeli gatnaşmagyny nygtady. Mundan başga-da, Klaster barlagyndan alnan magluma...

DOWAMY