Yslamadatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda bu ýurduň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan owgan türkmenleriniň diasporasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çykyş edenler Döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw boljakdygyny belläp geçdiler. Seýle hem bu tanyşdyryş dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawlar berilýändihi hem aýdylyp geçildi.

Dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda halkara derejesinde akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar Magtumguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada pikir alyşdylar we akyldar şahyrymyz bilen bagly fotosyratlar we widesýužetler bilen tanyşdylar.

Dabaranyň ahyrynda Halkara TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň tarapyndan 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Ahal welaýatynyň Änew şäheri barada maglumat berildi.