Gadymy Taksila şäherinde «Orange festiwaly» geçirildi
2024-njy ýylyň 28 ýanwarynda Päkistanyň Penjab welaýatynyň taryhy Taksila şäherinde ýerleşen “Zaildar House” binasynda her ýylda däp bolşy ýaly belenýän «Orange festivali» geçirildi. Çäre bilelikde Yslamabatda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň we harby attaşeleriniň duaýenleriniň edaralary, hem-de Elaan Research Centre merkeziniň wise-başlygy J-p. Zaildar Ahsan Shahyň ýakyndan gatnaşmagynda guraldy.
Bu ýurduň resmi adamlaryndan çäre Päkistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary Mirza Mohamad Afridi , Päkistanyň wagtlaýyn Hökümetiniň agzalary, Yslamabatda akkreditirlenen daşary ýurtly Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de bu döwletiň medeniýet we tanymal jemgyýetçilik işgärleri, biznesmenleri gatnaşdylar.
Päkistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary gatnaşyjylara ýüzlenip medeniýet diplomatiýasynyň bu ýurduň baý taryhy mirasyny halkara arenasynda tanatmakda wajyp orun eýeleýändigini belläp geçdi.
Elaan Research Centre merkeziniň wise-başlygy J-p.Zaildar Ahsan Shah öz çykyşynda baý taryhy bar bolan dürli daşlar bilen işläp bilýän ýerli ussalar, bu ýerde bitýän pyrtykallaryň görnüşleri, hem-de taryhy Taksilde gadymy Gandhara siwilizasiýsyndan galan keramatly ýerleriň ýigrimiden gowragynyň bardygyny belläp geçdi.
Soňra çydyş eden, bu ýurtdaky daşary ýurtlarynyň diplomatik korpusynyň Duaýeni, Türkmenistanyň Päkistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi А.Мöwlamow, bu geçirilýän çäräniň ähli diplomatlaryň Päkistanyň medeniýeti we taryhy bilen has ýakyn tanyşmaga, hem-de dünýäniň ähli halklaryň arasynda özara düşünşmegiň berkidelmeginiň ýakyn guraly bolýandygyny belläp geçdi.
Festiwalyň çäklerinde myhmanlar atlaryň gatnaşmagynda goýulan tanslara, ýerli pälwanlaryň daş götermek boýunça guralan ýaryşlaryna, hem-de aýdymçylaryň we sazandarlaryň çykyşyna tomaşa etdiler. Ondan başga-da gatnaşyjylar ýerli ussalaryň daşlardan we demirlerden ýasan zatlaryň sergisi bilen hem tanyşdylar. Orange festiwala gelenlere pyrtykaldan taýýarlanan nar-nygmatlar we milli naharlaryň dürli görnüşleri hödür edildi.
Festiwala gelenler Päkistanyň baý medeniýeti we däpleri bilen ýakyndan tanyş bolandyklary üçin onuň gurnaýjylaryna öz minnetdarlygyny bildirdiler. Daşary ýurtly myhmanlar ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine berýän interwýularynda Päkistan bilen medeni we turizm gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.