Türkmenistanyň ilçisi we Päkistanyň söwda ministri söwdany ösdürmegiň strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 03-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Söwda ministrliginde Federal söwda ministri Jam Kamal Han bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň ilçisi Federal söwda ministrini ýakynda täze wezipä bellenmegi mysybetli gutlady we iki dogan ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda, türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we özara hormat we deňlik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga ähmiýet berildi. Iki tarap hem täze ugurlary we üstaşyr söwda ylalaşyklaryny öwrenmäge ünsi jemläp, söwdany artdyrmak isleýändiklerini bellediler.
Ilçi A.Möwlamow Türkmenistanda Päkistanyň içerki bazaryny energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek üçin giň mümkinçiliginiň bardygyny belläp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
Şol bir sanda, taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky söwdany ösdürmäge gönükdirilen üstaşyr söwda ylalaşygynyň taslamasy boýunça işleriň tamamlamagyny çaltlaşdyrmak üçin wekilýetleriň işini işjeňleşdirmek möhümdigi barada ylalaşdylar.
Ministr J.Kamal Han iki dogan ýurduň arasynda söwda mümkinçiliginiň uludygyna umyt bildirdi.