Türkmenistanyň ilçisi Penjabyň baş ministri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Penjap welaýatynyň baş ministri Marýam Nawaz bilen Lahorda duşuşdy.
Duşuşygyň başynda Türkmen ilçisi Penjabyň baş ministrini işe girişmegi bilen gutlady we Penjap welaýatynyň we umuman Pakistanyň has uly ösüş we ykdysady ösüş gazanmak ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Taraplar söwda we maýa goýumlaryny ösdürmek maksady bilen Türkmenistan bilen Penjabyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Baş ministr Marýam Nawaz Türkmenistan Päkistan üçin dogan ýurt hasaplanýandygyny aýtdy we Penjap welaýatynda bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
Iki tarap hem energiýa, senagat, maldarçylyk, oba hojalygy, dokma we derman senagaty pudagynda hyzmatdaşlygyň potensialyny gözden geçirdi.
Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Türkmenistan bilen Penjabyň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak iki ýurduň sosial-ykdysady ösüşine güýçli itergi berjekdigi bellenildi.
Duşuşyga senator Perwez Raşid, uly welaýat ministri Marýam Aurangzeb we beýlekiler gatnaşdy.