Türkmenistanyň ilçisi Päkistanyň Milli Assambleýasynyň başlygy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Milli Assambleýasynyň başlygy Sardar Aýaz Sadyk bilen duşuşdy.

Duşuşykda ilçi Milli Assambleýanyň başlygy Sardar Aýaz Sadyky gaýtadan bu wezipä saýlanmagy bilen gutlady we ýolbaşçylygyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga umyt bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi, söwda, energiýa we aragatnaşyk hyzmatdaşlygy giňeltmegi isleýändiklerini mälim etdiler.