Päkistanyň Federal ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 2-nji iýulynda Päkistanyň premýer-ministriniň rezedensiýasynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen Päkistanyň Federal Ykdysadyýet ministri Ahad Han Çemanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy. Ilçi söwda mukdaryny ýokarlandyrmagyň potensialyny we dürli pudaklara, şol sanda energiýa, infrastruktura we tehnologiýa maýa goýumlary üçin mümkinçiliklere ünsi çekdi.

Federal Ykdysadyýet ministri Päkistanyň daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şert döretmäge ygrarlydygyny mälim etdi we ýurduň ösüşi we durnuklylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen soňky ykdysady özgertmeleri barada pikir alyşdy.

Ilçi we Federal Ykdysadyýet ministri ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrjakdyklaryny tassykladylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine umyt bildirdi.