Irlandiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň ilçisi, Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň dekany Atadjan Möwlamow Irlandiýa Respublikasynyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Meri Onil bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi öz ýurdunyň ilkinji ilçisi hökmünde ýakynda Päkistanyň prezidenti Jenap Asif Ali Zardari ynanç hatyny gowşurandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň ilçisi Yslamabatda ilçi Meri Oniliň işinde üstünlikleri arzuw etdi we bellenilmegi bilen gutlady.
Iki tarap hem pursatdan peýdalanyp sebitdäki syýasy we ykdysady ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmen ilçisi hanym Meri Onil bilen sebitdäki möhüm energiýa taslamalary barada maglumat berdi. Irlandiýanyň ilçisi, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň sebitdäki ykdysady ösüşe we gülläp ösmegine möhüm goşant goşjak taslamalary durmuşa geçirmek baradaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi.