Maldiwler respublikasy Türkmenistan bilen has ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak isleýär

2024-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň ilçisi, Atadjan Möwlamow Maldiwler Respublikasynyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Uz. Mohamed Thohany türkmen ilçihanasynda kabul etdi.

Duşuşykda taraplar sebitdäki ykdysady ýagdaýyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Maldiwleriň ilçisi öz ýurdunyň Türkmenistan bilen has ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak isleýändigini, esasanam söwda we syýahatçylyk ugurlarynda gyzyklanýandygyny aýtdy.

Taraplar iki ýurduň eksport we import mümkinçiliklerini öwrenmek üçin geljekde ýörite duşuşyklary geçirmek barada ylalaşdylar.