Türkmenistanyň Ilçisi Belgiýa Patşalygynyň ilçisi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň ilçisi, Atadjan Möwlamow Belgiýa Patşalygynyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Çarels Idesbald wan Der Graht de Rommerswaýel bilen duşuşdy.

Ilçi A.Mowlamow Belgiýanyň ilçisini Päkistanda işine başlamagy bilen gutlady we oňa üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem ol Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň durmuşy we işleri barada gürrüň berdi.

Duşuşykda taraplar sebitdäki we onuň daşyndaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar.