Yslamabatda geçirilen seminarda Türkmenistanyň sebitde we dünýäde ulag we energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň roly barada habar berildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasy Strategiki Ylmy-gözleg we Derňew Instituty (ISSRA) tarapyndan Milli Logistika Korporasiýasy (NLC) bilen bilelikde gurnalan “Sebitleýin söwda we özara arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak” atly halkara seminara gatnaşdy.

Bu çärede Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri, şeýle hem Päkistanly we daşary ýurtly ykdysady öwreniş hünärmenleri çykyş etdiler.

Seminarda çykyş edenler Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ägirt uly geljegi barada söhbet etdiler we bu potensialy ulanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow seminarda çykyş edip, ýurduň daşary syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ulag we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny barada gürrüň berdi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldawa eýe bolan hem-de energiýa we ulag howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň hökümetiniň döredijilikli başlangyçlary, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilendigi barada aýtdy.

Türkmenistan syýasatynyň aýdyň mysaly hökmünde seminara gatnaşyjylara 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda amala aşyrylan Türkmenistan we Owganystan serhedinde möhüm energiýa we transport taslamalarynyň gurluşygyna başlamak dabarasy barada slaýdlar görkezildi. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitde parahatçylygyň we ynamyň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygy bellenildi. Şeýle hem, türkmen ilçisi Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda ulag we üstaşyr gatnawlary giňeltmek syýasaty barada gürrüň berdi.

Päkistanyň Nebit we suw serişdeleri ministri Musadik Masud Malik sebitdäki ýurtlaryň möhüm energiýa çeşmelerine bolan elýeterliligini üpjün etjek sebitara arabaglanyşygy berkitmäge çagyrdy. Ol turbageçirijiler, ulag we energiýa koridorlary ýaly taslamalaryň kömegi bilen sebitdäki ýurtlar energiýa çeşmeleriniň durnukly we köpugurly üpjünçiligini ýola goýup, energiýa howpsuzlygyny pugtalandyryp biljekdikleri barada belläp geçdi.