Yslamabatda hünär-tehniki bilim babatda türkmen-päkistan hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow, Päkistanyň Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň (NAVTTC) başlygy hanym Gulmina Bilal Ahmad bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda hanym Gulmina Bilal Ahmad Milli hünär we tehniki taýýarlyk komissiýasynyň alyp barýan işleri we maksatlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol Komissiýanyň täze iş orunlaryny döretmek, hünärmenlere we bilim edaralaryna goldaw bermek boýunça başlangyçlary öňe sürmekde ähmiýetli orun eýeleýändigini belledi.

Soňra duşuşykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Şunuň bilen bagly, tejribeleri paýlaşmak, bilelikdäki mümkinçilikleri artdyrmak boýunça maksatnamalary taýýarlamak we sebitleýin derejede hünär-tehniki taýýarlygy ösdürmek meselelerine üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hünär-tehniki bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen özara maglumat alyşmak we gepleşikleri dowam etdirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn bähbitli bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek barada ylalaşdylar.