Türkmenistanyň baý medeni mirasy Yslamabatda geçirilen sergide görkezildi

img
img
img
img

Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasy 2025-nji ýylyň 7-15-nji ýanwary aralygynda Yslamabatdaky Päkistan Milli sungat geňeşiniň galereýasynda geçirilen “Kalligrafiýa we sungat sergisiniň öçmez aýdyňlygy” atly sergä gatnaşdy.

Bu sergide ECO guramasyna agza ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan zehinli suratkeşleriň, suratçylaryň we senetçileriň sebitdäki halklaryň ebedi medeni mirasyny wasp edýän ajaýyp kalligrafiýa we çeper eserleri görkezildi.

2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda köp myhmanlaryň gatnaşmagynda bu ýerde serginiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Päkistanyň Milli miras we medeniýet ministrliginiň Federal Sekretary Hassan Nasir Jamy, Yslamabatdaky ECO guramasyna agza ýurtlaryň ilçileri we diplomatlary, ÝUNESKO-nyň wekilleri, Päkistanyň hökümet işgärleri we metbugat wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan görkezilen sergide türkmen medeniýetiniň gözelligi we dürlüligi, baý taryhy we döwrebaplygy görkezildi.

Sergä gatnaşanlar Türkmenistanyň ilçihanasynyň görnükli türkmen şahyry we akyldary, türkmen edebiýat dilini esaslandyryjy Magtymguly Pyragy bilen bagly görkezen sungat eserlerine aýratyn gyzyklanma bildirdiler.