Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ilçileri Gujranwalada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdylar
2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Päkistandaky ilçileri, Gujranwala Söwda-senagat palatasynyň we Gujranwala işewürlik merkeziniň çakylygy boýunça Gujranwala şäherinde birnäçe çärelere gatnaşdylar.
Gujranwala şäherinde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri şäheriň Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçylary we agzalary bilen duşuşdylar. Duşuşykda taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de söwda we senagat palatalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy telekeçileriň sergilere we forumlara gatnaşmagynyň möhümdigini nygtap, onuň özara bähbitli maýa goýumlary çekmäge hem-de sebit ýurtlarynyň we Päkistanyň bazarlarynyň önümçilik we eksport mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam etjekdigini aýtdy.
Şeýle-de, duşuşyga gatnaşyjylara sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmäge we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşjak Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary tarapyndan başlanan iri döwletara infrastruktura taslamalary barada gürrüň berildi. Ylaýta-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň "2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" atly kabul eden Kararnamasyna we "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna" gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi çekildi. Bu Kararnamanyň we Konsepsiýanyň ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylary üçin bar bolan halkara dawa-jenjelleri parahatçylykly çözmegiň we şeýle dawalaryň täzeden ýüze çykmagynyň öňüni almagyň ýollaryny gözlemäge çagyryş bolup durýandygy bellenildi.
Soňra, Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Gujranwala Söwda-senagat palatasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Söwda burçunyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bilen programmalaryny dowam etdirdiler.
Bu çäreden soňra myhmanlar Gujranwala işewürlik merkezi tarapyndan gurnalan “Made in Gujranwala” sergisine baryp gördüler we sebitde öndürilen dürli önümleriň nusgalary bilen tanyşdylar.
Çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi ýerli habar beriş serişdeleriniň birnäçesine interwýu berip, ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini belläp geçdi.