img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň ilçisi bilen Somaliniň ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň ilçisi, Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň Duaýeny jenap Atadjan Möwlamow Somali Federatiw Respublikasynyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi jenap Sheikh Nor Mohamed Hassan bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň ilçisi myhmana Yslamabatdaky Diplomatik Korpusyň işleri barada gürrüň berdi.

Şeýle hem, iki tarap sebitdäki we onuň daşyndaky ýagdaýlar barada pikir alyşdy.