img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Yslamabatda Efiopiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen bu ýurduň Päkistandaky we Türkmenistandaky ilçisi jenap Jemal Beker Abdullanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ilçi Jemal Beker Abdulla ynanç haty gowşurmak üçin ýakynda Türkmenistana bolan sapary, şeýle hem Aşgabatda ýokary derejeli resmiler bilen geçirilen netijeli duşuşyklar barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ilçisi öz gezeginde 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Addis-Abeba şäherine gurnalan üstünlikli sapary we görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar öz hökümetleriniň ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrundaky gyzyklanmalaryny tassykladylar.