Päkistan Senatynyň başlygy Türkmenistana resmi sapar bilen ugrady
2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Päkistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Ýusuf Raza Gilani Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy D.A. Gulmanowanyň çakylygy boýunça Türkmenistana resmi sapar bilen ugrady.
Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabat halkara howa menzilinde Senatyň başlygyny ugratdy.
Halkara howa menzilinde geçirilen söhbetdeşlikde Ý.R. Gilani birek-birege parlament wekiliýetleriniň saparlaryny ýygy-ýygydan gurnamaga we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin ikitaraplaýyn dialogy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.
Türkmen tarapy Bitarap Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň sebitde parahatçylygy berkitmek we durnukly ykdysady ösüşi dowam etmek üçin Päkistan bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Şunuň bilen bagly, taraplar sebitara arabaglanyşygy we energiýa hyzmatdaşlygy berkitmek üçin strategiki ähmiýete eýe bolan TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan) gaz geçirijisi we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) elektrik geçiriji liniýasy ýaly esasy infrastruktura we energiýa taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi A.Möwlamow Senatyň başlygyna Türkmenistana saparynyň üstünlikli we netijeli geçmegini arzuw etdi.