Yslamabatda Bütindünýä welosiped güni bellenildi
2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Serena myhmanhanasy bilen bilelikde we Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde "Bütindünýä welosiped gününe" bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli ýöriş çäresini geçirdi.
Bu çäre Çagalary goramagyň halkara gününe gabat gelendigi sebäpli, onda kiçi ýaşly welosiped sürüjilere ýörişe ilkinji bolup başlamaga mümkinçilik berildi.
Welosipedli ýöriş Päkistanyň Prezidentiniň köşgüniň garşysynda ýerleşýän D-Çowk meýdanyndan başlandy we Serena myhmanhanasynyň söwda toplumynda tamamlandy. Bu ýerde Hormatly myhman – Päkistanyň Daşary işler ministriniň Owganystan we Günbatar Aziýa meseleleri boýunça orunbasary Saýed Ali Asad Gillani we çäräni guraýjylar çykyş etdiler. Şeýle-de, bu ýerde çärä gatnaşyjylara ýeňil içgiler we naharlar hödürlendi.
Said Ali Asad Gillani öz çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri G. M. Berdimuhamedowyň 3-nji iýuny BMG Baş Assambleýasy tarapyndan “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek boýunça başlangyjyna ýokary baha berdi. Ol welosipediň diňe elýeterli ulag serişdesi bolman, eýsem durnuklylygyň, deňligiň we jebisligiň nyşanydygyny aýtdy. Ol çäräni gurnaýjylara ýurtlaryň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow, bu çäräni geçirmekde beren goldawlary üçin Päkistanyň hökümetine we Daşary işler ministrligine minnetdarlyk bildirip, BMG tarapyndan goldanan Türkmenistanyň başlangyjy, ýurdumyzyň adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy saklamaga, jemgyýetçilik saglygyny berkitmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan ymtylmasyny görkezýändigini nygtady.
Çärä gatnaşanlar bu welosipedli ýöriş diňe bir sport çäresi bolman, eýsem medeni gatnaşyklary berkitmek, parahatçylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmek we ýaş nesliň saglygy hakda alada etmek üçin mümkinçilik bolandygyny bellediler.
Bu çärä Yslamabatda akkreditlenen daşary ýurt ilçileri we diplomatlary, Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň, Yslamabat welosiped birleşiginiň we metbugatyň wekilleri hem-de Serena myhmanhanasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.