Türkmenistanyň Daşary işler ministri «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy

photo

2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde «Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Daşary işler ministrleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny we özara söwda, maýa goýum işleri, senagat hem-de Hindistan bilen ulag aragatnaşygyny berkitmek ýaly ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizminiň çägindäki diplomatik gatnaşyklaryň döwletara dialogynyň medeniýetini ösdürmäge hem-de ählumumy we sebit gün tertibiniň meselelerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň söwda-ykdysady we maýa goýum integrasiýasyny işjeň ösdürýändigini hem-de iri infrastruktura we logistika taslamalaryny durmuşa geçirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän Merkezi Aziýa sebiti bilen Hindistanyň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmäge gönükdirilen ykdysady taslamalaryň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy aýratyn orny eýeleýär.

Mundan başga-da, sebit we halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebit howpsuzlygy bilen bagly meselelere degip geçip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň parahatçylygy goramakda, sebit we ählumumy derejelerde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde täsirli gurallaryň biri bolup durýandygy mälim edildi.

Innowasion tehnologiýalary, sanlylaşdyrmak, biotehnologiýalar we nanotehnologiýalar ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek nukdaýnazaryndan bilim alyş-çalşygyna, bilelikdäki gözleglere, başlangyçlara goldaw bermek we önümçilige innowasiýalary girizmek bilen Merkezi Aziýa bilen Hindistanyň arasyndaky Tehnologiki we ylmy hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamasyny döretmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Saglygy goraýyş, derman senagaty we ylmy gözlegler ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda häzirki ählumumy şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň syýasy-diplomatik mümkinçilikleriniň, şeýle hem bütindünýä we sebit meseleleriniň çözülmegine goşant goşýan bilelikdäki mümkinçilikleriň birleşdirilmeginiň, uzak möhletli syýasy we ykdysady durnuklylygy hem-de umumy bähbitlere deňagramly çemeleşmegi üpjün etmekde oňyn faktor bolup biljekdigi bellenildi.

«Merkezi Aziýa – Hindistan» dialogynyň dördünji mejlisiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.