Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen köpçülikleýin duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda  ýokary döwlet derejesinde ýola goýulan açyk we konstruktiw gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy faktorlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hindistanyň Premýer-ministriniň adyna ýollanan Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň salamyny we hormat sözlerini ýetirdi.

Ykdysadyýet babatynda Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky söwdany giňeltmek, maýa goýumlary artdyrmak we ulag, energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýetine we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmek üçin itergi bermäge aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Hindistanyň esasy ulag merkezleriniň Ýakyn Gündogar, Hazar sebiti we Ýewropa bilen birleşdirilmeginiň halkara logistika hyzmatdaşlygynyň özenine öwrüljekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesine aýratyn üns berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hindistan bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary has-da giňeltmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ynsanperwer alyş-çalyşygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmasy nygtaldy.